Ogurlanan nesiller

Studentler, çäreçiler, tahýaly,
baýdakmy ýa başga bir zat göterýän,
elleri boş bolmaz ýaly,
öwredilen alkyşlara gygyrýan,
dilleri boş bolmaz ýaly,
hemem saklanylýan terror astynda,
kelleleri boş esasan,
mejbury-meýletin bukulýan mydam
biri-biriniň arkasyna,
gorkusyna gepin gepläp bilmeýän,
ýa gepläre gepi ýok hiç,
ýa bolsa-da, ýabygorly,
berip bilmez berilmeli soragy,
ogurlanan, ýitirilen nesiller,
ne özüniň, ne iliniň goragy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024