Kösençlik
Baý döwletde, paýlaşylýan baýlygy,
ýa garyp döwletde, tapawudy ýok,
elitanyň awy bolan,
garybyň halyna düşünmek bolar,
öý alada, jaý alada,
iş alada, aýlygy az,
suw alada üstesine,
alada gaz, elektrik,
aýakgaby çagalaryň,
agyň tutar sanasaň,
ýöne garyplykdan çykan,
garny doýan iki gün,
eşikleri bitin,
maşyny-da bar,
kurortlara gidýän ýylda,
uçarlarda uçýan ýaýnap,
feýsbukda ýüzi gülýän,
kafelere girýän aýnap,
gyzylmy ak çakyr süzýän,
iýen tortun güjeňleýän,
ýagny garyplykdan çykyp,
çykyp bilmän galana hem düşüniň,
düşüniň oň ýaralary ganaýar,
sarasa-da gymmat sargylar bilen,
adamlary bölmäň tanaman, bilmän,
baý garypmy, garyp garyp,
kän kösenýär dünýä gelen.