Gaty käýelen adam
Adamy özüniň elinden alyp,
oýunjagyn alan ýaly çaganyň,
iň söýgüli, iň oýnajak mahaly,
gapdalynda goýdular,
hem diýdiler hergiz bakma ýüzüne,
eger-eger işiň bolmasyn gaýdyp,
näme diýsek, biziň bilen bolarsyň,
biziň bilen gelersiň,
biz oýnasak – oýnarsyň sen,
biz ýaýnasak – ýaýnarsyň sen,
ýa biz ölsek, biziň bilen ölersiň.
Adam ilki özüne,
gapdalynda goýlan ýalňyz,
hemem nirä gitse, kölege ýaly,
yzyndan galmaýan ekiztaýyna,
aram-aram serederdi, bakardy,
ýöne köşkler, özi ýaly özünden
aýrylanlaň eli bilen gurulan,
ybadat öýleri, metjit, medrese,
ýa mekdepler, ÝOJ-lar, para-peşgeşli,
kitaplar, metbugat, uruşlar soňsuz,
adamy adamdan alýan, aýyrýan,
ogurlaýan onuň için, özenin,
soň üstüne kän ýük ýükläp maýyrýan,
hem adamlar, kileň özün ýitiren,
köpüsi unudan kim bolandygyn,
beýik diwar bolup durdy arada,
günbe-günden, ýylba-ýyldan galňaýan,
ol yzyna, özüne
gitjek boldy birki gezek azyndan,
ýalbarsa-da dek gez diýip aýaly,
a soň gaty käýediler ýokarda,
diýdiler bol iller ýaly!