Ýurt gaýgysy
Ýa men ozal düşünmedim, bilmedim,
ýa pikir etmedim häzirki ýaly:
adamlar biruçdan döwülipdirler,
ýel turup ýykylan baglar mysaly.
Ýaş, garry ýok, ýok orta ýaş, aýal-gyz,
ol ozalky adamlar ýok, keselli,
hassa ýaly her göreniň, göwnüňe,
beýle däldir diýip, berýäň teselli.
Emma ýyllar geçýär, pikir edýärsiň,
baryp bilmän, goýberilmän yzyňa,
görýärsiň düýşde däl, huşuňda aýan
milletiňi, çökerilen dyzyna.
Olaryň üstünden geçip dur maşyn,
şahalaryn jomrup, uşadyp günde.
...Umyt etdim garaşsyzlyk gowy bor,
hiç bolar diýmedim ilime künde.