Adamyň pesi
Başarsa kemsider, utandyrjak bor,
ýüzüňi, başyňy galdyrmaz ýaly,
özünden pes etmek pesiň hyýaly,
kemiň bolsa, ýa bolmasa, parhy ýok,
gygyrar köplükde ýa-da pyşyrdar,
adam döräp, dowam edýär şeýle kär,
ýüzüňi sallasaň, açylar, güler,
adamy tanamak kyn däldir beýle,
ol özün her sözde aşyk dek süler.