Hakykat we saglyk

Hakykat çakyrda, a saglyk suwda,
Plini aganyň aýdyşy ýaly,
kä agşamlar, wagtal-wagtal,
dost-ýar bilen çakyrjyk iç,
ýa ikiçäk özüň bilen,
biler ýaly hakykaty,
iň esasy özüň hakda,
aýdar ýaly bolman özüň özüňe,
ýogsa adam, ýüzlek pahyr,
dost-ýary ýa başlygyn däl,
özi özün aldap geçýär,
gelip bilmän öz ýüzüne.

Ýöne çakyrdan öň suw iç elmydam,
ara salym salman daşarda, öýde,
hemme zatdan ozal saglygyň bolsun,
o bolmasa, hakykatdan ne peýda?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024