Körüň umydy
Kör hasasyn bir aldyrar diýýärler,
iki gezek aldyrmaz ol,
aňsat-aňsat gapyl galmaz aldanan,
emma bu dogry däl, ýalan,
ýa-da ýarty hakykat,
kör kör bolar gözli, gözsüz,
her hasada heder görse serdarlar,
alla, hudaý, TW bilen aldarlar,
gorkuzarlar kanun bilen bigüman,
hergiz diňe bir tarapa işleýän,
hasasyn däl, özün berer meýletin,
eçiler kör geçmişini, geljegin,
gürrüňi ýok şu gününiň,
hemem her ýalana ynanmak islär,
islemez ýalanyň ýalan bolanyn.