Näletli kär
Žurnalisti, ýazyjyny, şahyry,
aýtjak bolsa hakykaty, bozuklar
dymdyrarlar kem-kem kesip sesini,
gaýdyp ömür-ahyr gürlemez ýaly,
ýa-da ýazar ýaly ýalan hemişe,
ýarpy hakykaty, belki,
ýalandan-da beter, ýaman,
muny nädip etmelisin bilerler,
täzelik ýok bärde uly,
hemem aňsat hakykaty ýazýany
goldamazlar gözel iller,
sebäbi žurnalist, ýazyjy üçin,
öz ornuny ýa-da hetdin bilmeýän,
ölüp biljek däller olar,
çagalar bar, ýaşamaly ahyryn,
eger näletlese, ursa partiýa,
bozgak diýip ýazyjyny, şahyry,
gözel iller az görerler,
a soň durmuş erbet bolsa,
žurnalisti ýazgararlar.