Ýöne ýerden

Walentin Graftyň äheňinde

Ýok, sen ýöne ýerden şahyr bolmarsyň,
ýöne ýerden bolunýan zat düýpden ýok,
hatda ýöne ýerden bolmarsyň hiç kim,
goldamaýan hiç adamy,
bir özüňi goldan bolup,
aç galýançaň üçünji gün,
ýa ogurlyk edip, düşýänçäň türmä,
baş ogrynyň saýasynda,
ýa-da hakykaty öldürýän, gömýän,
ýok edişýän meýletin,
at gazanan artist, žurnalist, alym...
Ýöne ýerden ne şahyr bar, ne jellat,
kim keýpine saýlap alýar ykbalyn?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024