Peýdasyz pişe
Käbir kommentçilere
Özi öz-özüni masgara edýän,
hepdede ýa aýda bolman,
görene göz, gülki bolýan döwleti,
habarlardan aýrylman,
ýaňsylajak bolup bolar-bolgusyz,
güljek bolup ýokarsyndan, astyndan,
hem deňine ýetip bilmän, göz-gülban,
gülki etmek özüň beter,
lakamyňam bolsa bukulyp ýazýan,
gülkünç däl, besdir, ýeter!