Gaharyňy getirme
Gahar – kapyr, gaharyňy getirme,
bas aşaga çala galdyrsa başyn,
gepleme gaharyň gelen mahaly,
ýazmak hakda hiç gürrüň ýok,
galamyňy dişle, ýaşyn,
ýogsa özi üçin gaharlanmaýan,
het etmeýän oňa asla,
ýa gaharyn bukýan basyryp daşyn,
ýylgyrýan ýaz bolup gahary gelse,
öýi, içerisi urulýan wagty,
ýolda jübisine girilýän wagty,
dymyp bilýän adam soňuna çenli,
çagasyny goramaýan,
goramaýan maşgalasyn,
barmagyn çommaldar saňa,
gaharyna ýazýar diýer,
zat ýok ýerden gyzýar diýer,
ýa diýer peşeden ýasaýar pili,
bilmän diýmez, diýer bilip,
gahar – kapyr, gaharyňy getirme,
ile bolsa, sakla diliň.