Hiç kim bolmasaň
Dilçi alym Muhammet Geldiýewe bagyşlanýar
Hiç kim bolsaň, hiç kimiň
işi bolmaz seniň bilen,
il çydasa, toýda-baýram,
basyp geçseler ýüzüňden,
hiç sesiňi çykarmasaň,
ýa-da salam berseň aşakdan gülüp,
üstüňden pyýada geçip barýana,
ýa at-eşek arabasyn sürýäne,
baş atyp salamyň alsa-ha alar,
almasa-da almaz, näme ýitirýäň?
Iň esasy, ömrüň göreş-gowgasyz,
aşaklykdan, asudaja ötürýäň.
Emma biri boljak bolsaň,
kimi ýa-da hiç kimi ýok,
hemmeleriň işi bardyr,
biri aktiw, biri passiw,
a başgasy has agressiw
hiç kim etjek bolar, urar,
salar tapan daşyn senden,
gaty görme ýat-keseki,
ýa daýydan, ýa ýegenden.
Hiç kim bolsaň,
uruş-gowga bolmasa,
ýa-da dünýe paýlanmasa täzeden,
ýa açlyk bolmasa, birleri ekip,
orup, üwäp bugdaýy ýa arpany,
hamyr ýugrup, çörek ýapsa tamdyrda,
tapanyňy iýip-içip, geçersiň,
emma biri boljak bolsaň başga gep,
käte gamgyn, guýlanyn däl bilmezden,
özüň öýde zäher guýnup, içersiň.