Düşünişmezlik

Birisi hat ýazýar: seniň baryňda
şeýle bolmalymy bu zatlar, pylan,
derrew düzet hälä goýman,
dikelt adalaty, deňligi, ýene
köp kemçilik, ýalňyşlyk bar, bilýärsiň,
tanaýarsyň adamlary kim, näme...

Goltugyma garpyz beren bolýarmy,
ýa-da barja düşünjesi, akyly,
iňirdi bar her sözünde, sözlemde,
hüňürdi, hoňňuldy, igençmi-minnet,
utandyrýar arasynda gaýratyň,
ýa ýene bir zadyň soraga alyp,
unudypdym beýle haly, ahwaly,
pikir edýär käbirleri, eý, aman,
özi ýaly bir galamly adamy,
bütin dünýäň polisýasy mysaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024