Problema

Problema çözmek üçin,
ýa-da çözjek diýip ony,
niýet edip çyn ýa ýalan,
özüň problema bolma,
hem özüňe, hemem özgä,
öňküleriň üstesine,
ýa-da ony çözüp bilmän,
iňirdeme, kes sesiňi.

Problema çözmek üçin,
ýa-da çözjek diýip ony,
gitme obaň taşlap, göçüp,
çöz özüňi ozaly,
özüň problema bolsaň,
hemem tanamasaň özüň,
git ýa gitme ýurtdan gaçyp,
görmersiň hiç hezili.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024