Gowak haky
Adam özi, gowak gazyp özüne,
ýa gazylyp berlen, ýa miras galan
gowagyny çuňaldyp has,
ondan çykman, çykjak bolman ýaşasa,
çagalaryn goýbermese daşaryk,
agzyna daş, kesek, agaç üýşürip,
öz bagtyny bilse gowakda baky,
azar berme oňa, walla,
bar onuň gowaga haky.