Sebäp we bahana

Dünýe nirä gitsin adamy bilen,
gözi, göwni açyk nämeler görsün,
görenini görmedige ibersin,
ýa çagyrsyn öz ýanyna, ýokarrak,
gahar etmän yzda ýatana gargap,
eşek tapmaýana maşyn eçilsin,
ýa uçar göndersin uçup gelmäge,
görmeziň, bilmeziň arkasy güýçli,
howlukmaz ol öwrenmäge, bilmäge,
ýol aşjaga müň sebäp bar dünýede,
oturjaga müň bahana ölmäge.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020