Melek

Hanyň gyzy Baýramgüle

Gowy adamlardyr Gülnar, Nurgözel,
Owadan doganyň, Gülälek, Nabat,
ýa Gözel gelnejeň, jaýy jennetde,
gözümiň göreji türkmenim, ilim -
bir ýanadyr, sen bir ýana melegim,
sebäbi sen üýtgeşiksiň, başgasyň,
ýeke-ýalňyz ýoldaşymsyň, ýarymsyň,
mydarymsyň, gara ganym öňünde,
duşmanyň öňünde ýurdumy alan,
hiç goragsyz taşlan güni ulusym,
ýeke özüň arslan bolup duransyň,
ýogsa garaşdylar, ejizlär, aglar,
başyn eger hökümetiň öňünde,
at gazanan mollum bolasy geler,
orden, medal, sylag alasy geler,
ýok, etmediň hem gitmediň
hökümetiň alyna hiç,
hem ýitmediň çukurynda taryhyň,
at gazanan mollum bolup,
ikilikçi döwletde,
agyr ýola çykdyň biliňi guşap,
kyn ykbala gelip hötde,
goşgularym saňa diken heýkelim,
beýgeldenim günbe-günden beýgelip,
wagtal-wagtal ýaşa dolan gözümde,
men saňa başymy egýärin, melek,
galat ýokdur sözümde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024