Daşlaşmagyň sebäbi
Kömek etmeseler kömek etmäge,
bu belli zat, kömek edip bilmersiň,
has ýamany, kömek etjek bolanyň,
aýdaly, gark bolýan bolsa,
suwa girseň, demligiňden ýapyşsa,
janhowluna ýa-da başga niýeti,
geçmeli bolarsyň kömek etmekden,
kömek etmeseler kömek etmäge,
çäre tapmak müşgül bolar başgarak
daşyraga çekilmekden, gitmekden.