Sen bilmersiň
Sen bilip bilmersiň kimden ne geler,
ýüzüňe gülýänden gelermi döwlet,
sözleri bal, dili şeker,
ýa-da töhmet işin düzýän sülçüden,
çagalaryň bar-a diýip,
ýüregiňde gorky eken,
kast edenden, uranlardan arkaňdan,
aýagyň astyny köwenden durman,
durmuş näme, göreş näme,
düşündirip aňlamazdan, bilmezden,
sen bilip bilmersiň kimden ne bolar,
wagtyndan öň öldürilmän ölmezden.