Ýadawlyk
Adam aýtdy: ýaşar ýaly bolmady,
irden turup, feýsbuga girýärsiň,
hemmeler bagtyýar, sürýär döwrany,
biri daga çykýar, birisi çöle,
biri garda lyžaň hezilin görýär,
birisi kenarda täze bikini,
täze äýnek bilen düşýär surata,
başga biri kaşaň restoranda,
gyzyl çakyr süzýär aýaly bilen,
beýlekisi doglan günün belleýär,
iýjek kakmajynyň etini saýlap,
öňünden getirdip stol başyna,
soňra kofe ýannyň süýjüsi bilen,
emma bilýäň, neresseleň, pahyrlaň
güjeňleýän bagty azajyk ýalan
ýa çişirlen, ýa-da isleýän zadyn
hakykat etmäge synanýar adam,
walla, çynym, ýaşar ýaly bolmady,
soňy gelmez bagtsyzlygnyň fonunda,
bagty bilen öwnüp, aglaýar ýadan.