Umumy dert
Diýseler ynanma ýeke derdimiz,
Gukga ýa-da Wowa ýorýar, öldürýär,
goş üstüne bu hasratyň özüňi,
özüňdäki kemlikleri, bilýärsiň,
olar bir ýa iki däldir,
tur ýeriňden säher hemem
aýna bakman gör özüňi,
ikiýüzli bolman bir gün,
işläp başla öz üstüňde,
özüň düzet günde, her gün,
iki gün soň diýmän besdir,
ilem şeýle, maňa näme,
ilki syla eneň-ataň,
ýanýoldaşyň, çagalaryň,
goňşularyň, tanyş-biliş,
özüň bilmän ýalňyşyny gözlemän,
kiçeltjek ýa güljek bolman ozaly,
dilsiz diýip, depip geçmän haýwany,
bu, megerem iň bir pesiň hezili,
sen özüňi düzet, galmajak bolsaň,
özüňçe ýok aşagynda ezilip.