Surat

Alada

Bäşim Annagurbana

Kaka, seni işden kowan MHM
'tämizlenýär' ýene-de,
ýene bir general, bu seniň sözüň,
öz pälinden gutulmady,
sen diýerdiň ak goýny hiç
asyp bolmaz aýagyndan
gara goýnuň ýa geçiniň,
dünýe hasabyny berer her kimiň,
kim bar munda tutulmady?

Kaka, seni işden kowan MHM
'tämizlenýär' ýene-de,
ýöne munuň yzy barmy ýa-da ýok,
bilmeýärin men,
biri gitse, ikisi dur nobata,
Gün öňüne etek tutjak,
işden kowjak iň yhlasly işgäri,
ýurda gerek, ile gerek,
ýöne howply ogrulara,
egrilere el-aýagy,
olar, belki, 'tämizleýär' hataryn,
bolar ýaly has gujurly,
has gaýduwsyz, güýçli ýagy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024