Agyr gep

Sada bolma, ulus-ile
kanun-kada gerek däldir,
ýol hem ýoda gerek däldir,
daş-kesegi aýrylan, ak,
mugt gerekdir bolsa dünýäň eşredi,
ýaryşar il galsa yza,
dik durup däl, çöküp dyza,
ogul-gyzyn etjek bolar parahor,
ogry-jümri tutulmaýan hiç haçan,
hem akylly, nakyl aýdar ýylgyryp:
alla diýer kowan, gaçan;
gybat gerek nakyldan soň tükenmez,
neşekeş, nas atan bagşylar gerek,
näçe ýuwan bolsa bahasy gymmat,
ile kada, kanun gürrüňin etme,
beýle agyr gepi götermez ymmat.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024