Aýralyk goşgusy

Baýramsoltan Hangeldi gyzyna

Bizi Aşgabatdan aýranlar, janym,
Aşgabatdan aýrylarlar,
aýrylarlar ene-atalaryndan,
çagasyndan aýrylarlar,
agasyndan aýrylarlar,
inisinden aýrylarlar,
aýrylarlar olar hökman
ata-baba mazarlardan,
neşekeş dek azarlarlar,
hoşlaşmazlar giden bilen,
soramazlar hassalary,
bäbek görüp bilmezler,
aglarlar çydaman sesli,
gargyş etmek, näletlemek gerek däl,
soramak gerek däl hudaýdan, hakdan,
görüp ýörüs, görkezenin
gören eýýäm boldy esli.

Ýok, biz begenmeris bagty ýatana,
ýatyrana bagtyn öz-özi, meger,
bu dünýe gelene, geljege sapak,
zyňan daşyň gelip özüňe deger.

Pikir etme, köşeşdirmek üçin däl,
ýa welilik edip ýazmaryn goşgy,
meniňkiden ýüz esse kän, görýärin,
sen agyr çekýärsiň aýralyk derdin,
gözleriňde ýaş ýok, emma aglaýar,
men biraz düşüşdim, çünki bilýärin
nämeler garaşýar namarda, merde.

Bizi Aşgabatdan aýranlar, janym,
ýetim eden ýetim, seretsek siňe,
ýesir eden ýesir, seretsek siňe,
olar ozal bizden 'tämizläp' ýurdy,
gutarmaýar özlerinden tämizläp,
iň hapa hapadan saplaýan boldy,
ozal özi tutup hapysaň toýun,
göreli nirede gutarar oýun.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024