Gözüňden ýaş gelse
Ejeň gözi ýolda öldi, aglama,
kakaň gözi ýolda öldi, aglama,
gaýnyň gözi ýolda öldi, aglama,
aglama, toý-ýasa görnüp bilmediň,
dogan-doganoglan ýüzün göreňok,
sesini-de eşitmek kyn, sebäbi
seniň bilen gürleşmek-de hatarly,
aglama dost-ýaryň adyn unutsaň,
emma agla iliň özün unutsa,
öz ýüzüni, ýeňsesini bilmese,
öňe barýan diýip, yza ylgasa,
o ýer öň däl, yzyň-yzy, gygyrsaň,
eşitmese, öwrülmese,
özüň gynap, kösenme kän,
gözüňden ýaş gelmese.