Sypaýyçylyk
Özüni, öz mertebesin,
maşgalasyn goramadyk erkegi,
hökümetden eden-etdi,
basgylaýan günde bahana tapsa,
işsiz ýa-da gara şaýa işledip,
akladylar, gorkýar diýip neresse,
ozal basyp alan oruslar gyrdy,
soňra gyrdy kommunistler,
37, GULAG gözün gorkuzdy,
emma ol orus kim, ýurduny alan,
ýa kommunist näme, nireden geldi,
37, GULAG näme boldugy,
bilmeýärdi, iller öýlenýär diýip,
öýlenipdi gutaransoň mekdebi,
adyny ýazmagy öwrenip zordan,
soňra her ýyl ogly ýa gyzy boldy,
her näme-de bolsa çaga atasy,
gaty-gaýrym sözi göwnüne aljak,
şondan, belki, gömük diýmegiň ýerne,
gorkýar diýip, her kim sypaýy boljak.