Esasy günäkär
Hassa adamlara, ýazyjy bolsun,
şahyr bolsun döwlet baýragyn alan,
ýa-da döwlet äri, nireden nädip
ýokarlaryk dyrmaşypdyr, çykypdyr,
ýa-da iş adamsy, baýan, beg bolan,
kim-kimleriň arkasyndan,
ýa öz-özün kişi eden,
kime berip, kimden alyp,
öz-özüne aşyk, özüne gurban,
hemem öňe barýan durman,
diňe her etmeli, hesip etmeli,
öňüňden çykany basyp ötmeli,
ýa başyňy egip howply görnene,
emedekläp menziliňe ýetmeli,
içiňden diňe men, diňe men diýip,
möjegiň ýa goýnuň derisin geýip,
ýaşaýana gynan wagtyň bar bolsa,
ýa-da artyk ýüregiň,
durmuş seni aýap goýmaz barybir,
düşünmäniň bilen seniň,
ýa düşünip goşulmasaň,
sag saýylýan hassalaryň horuna,
kim ýa näme saýýan özüni, walla,
adamyň halyna adam sebäp däl,
sebäpmişin taňry, ýaradan, alla.