Şermendelik

Pyragy, men gynanýaryn azajyk,
seniň namart bolma diýen milletiň,
seniň bahyl bolma diýen milletiň,
seniň nadan bolma diýen milletiň,
gözüňiň göreji, iliň,
seni okamaýar ýa-da
dil çolagy edip setirleriňi,
öýünde däl, internetde paýlaşyp,
yzyndan namartlyk edýär her günde,
has beteri – iň namartlar birleşip,
çynyny aýdany edýär şermende.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020