Sen özüňi ynandyrma
Sen özüňi ynandyrma, aldama,
yrjak bolma, bilýän diýip milleti,
adamlary tire-taýpa ýa-da däl,
dindarlary agzy doga-dilegli,
iki sözden biri allamy-hudaý,
ateisti, arakhory, azgyny,
höwes bilen haja gidýän mugt bolsa,
ýa altyna çümen, ruhy gedaý
obadaşy, watandaşy, kärdeşi,
garaşýan başgadan ýa-da alladan
agyr işiň, müşgüliniň biterne,
özi öňe ümzük atmagyň ýerne,
tanaýaryn diýme tanaman, bilmän,
her ýylgyran ýüze imrinip, ýylap,
her aýdylan sözi kagyza dolap,
owadan kagyza, ýüregiň ýaly,
sen özüňi ynandyrma, aldama,
her kilimde görüp haly.