Surat

Köplük we sen

Sen arkaňy aga berme, garalar,
sen arkaňy göge berme, saralar,
sen arkaňy baga berme, ýykylar,
sen arkaňy daga berme, söküler,
sen arkaňy derýa berme, çekiler,
sen arkaňy berme dünýe malyna,
çünki baýlyk el kiridir, döküler,
dosty-ýara içiň berme ynanyp,
kinesi ýa ary bardyr ýaşyryn,
dogan-gardaş, hossar hossarkaň bardyr,
il-gün diňe başyň dikkä arkaňdyr,
ýele, ýagşa arka beren öküner,
sen arkaňy özüňe ber, özüň gur,
goý, gülsünler urulaňda, entäňde,
ýa dikelseň, tapan zadyn salsynlar,
sen özüňi özüň gora, özüň dur,
diňe namart köplük bolup alsynlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020