Surat

Iliň ýagdaýy

Okamajak halkyň şahyry bolma,
ýazyjysy bolma iliň,
kitap tapsa, hajathana äkidýän,
ýa gowy bolanda, çigit dolaýan,
satmak üçin köçede ýa bazarda,
garaşma milletden pullansa çala,
ogluny, gyzyny hukuk ugrundan,
para berip, para üçin okadýan,
ýa-da mede salýan tapanyn berip,
ertir işin bilmän adam öldürip,
para alar ýaly öljek hassadan,
umyt etme yza galan milletden,
öz halyna düşünmegi,
düşünmegi seniň halyňa asla,
goşgyňy hiç okamajak, bilmejek,
düşünmejek goşgy neden ýazylýar,
düşündirjek bolma yza galanda,
iliň gabry nirde, niçik gazylýar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020