Surat

Ýadaw goşgy

Halkyň ýadanyny görmek ýadadýar,
aranyny, irenini milletiň,
aldanmakdan, talanmakdan,
dalanmakdan ýat it ýaly,
ýat ilde däl, öz öýünde,
üstesine synanmajak
siňegini goramaga,
halkyň ýorulanyn görmek ýadadýar,
lapyňy keç edýär halys bolan il,
has dogrusy, öz-özüni öldürýän,
goluny gowşuryp ýalançy hana,
hassa edýär iliň-günüň
bolsa ýüz ýyl öz-özüne bigäne,
hemem diýip bilmeýärsiň,
özi ölse, maňa näme?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024