Surat

Ajap eýýam

Çoh garaşsdym, ajap eýýam gelmedi. Magtymguly

Aýyplarlar, garalarlar, gargarlar,
esasy özüňi günäkär duýma,
attestaty dörtlük-bäşlik bahaly,
uruşsyz, gowgasyz ýurtda ulalan,
institut, uniwersitet diplomly,
emma "sag bol" sözün ýazyp bilmeýän,
ýa-da ýazýan ýalňyşly,
'ölüm" sözün "ölim" diýip ýazýan ýa,
iniň bolsun, uýaň bolsun, arkadaş,
ýa-da beýik göreşiji hak üçin,
burnundan aňryny görüp bilmejek,
esasy sen özüň günäkär duýma,
ajap eýýam entek-entek gelmejek...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024