Seni gynasalar
Seni gynasalar zyndana salyp,
gijeler ýatyrman, gündiz oturtman,
aç hem suwsuz saklasalar,
gabap dört diwara, gussa boýalan,
hasrata boýalan, boýalan gorka,
çagalaryň zamun alyp daşarda,
zamun alyp eneň-ataň,
doganlaryň, dostlaryňy,
bir zat bolsa nätjek çagaňa diýip,
sorasalar wagtal-wagtal ýylgyryp,
a soňundan urup, döwseler dişiň,
ýazdyrsalar özüm ýykylyp döwdüm,
seresap bolaryn indiki gezek,
öz dişimi döwmen diýip,
goý, bolmasyn iliň işi,
goý, begensin kärdeşleriň käbiri,
jaň etsin KGB-ä oňarýarsyňyz,
ýöne şu gezek bir sypdyrmaň diýip,
bu bir seniň däldir alada-gaýgyň,
ýa bir seniň gynaldygyň däl asla,
milletiň gynalýar oýlansaň, bilseň,
ulus iliň basgylanýar,
çagalar, aýallar, garrylar, erkek
ýa özüni erkek saýýan gerçekler,
bolmaly ýerinde bolup bilmedik,
gelmeli ýerine gelip bilmedik,
düşünmedik bolýan borja hem bergä,
belki, mynasyby has kän içinde,
ýogsa çydap gezmezdiler bu görgä.