Surat

Tahýa göreşi

Öwüp-öwüp ýaranmady pahyrlar,
näçe öwseler-de, tapdy bahana,
sözlük baryn dörüp, sözlüklerde ýok
boş sözleri gözlediler şahyrlar,
ýazyjylar, žurnalistler, eý, alla,
göwnün awlar ýaly boşuň boşunyň,
arasynda üstün örtüp kaşynyň,
öwüp-öwüp ýaranmady pahyrlar,
tahýa geýip gelip, tahýaly gidip,
tahýa geýip ýatyp düşekde hatda,
pikirlerin, düşünjesin, garaýşyn
tahýanyň çägine getirdi millet,
sebäbi media, durmuş, güzeran
bagly boldy tahýaň çägine diňe,
tahýaň sähel gyşyk bolsa käýinç,
ýa-da gyşyk diýip oýlasa serdar,
berk käýinç gelýär käýinçden soňra,
oň yzyndan gelýär soňky duýduryş,
yzda gaçyp atar ýaly garym ýok,
öýe barsaň aýalyň ýa adamyň,
aç çagalar ýa-da has köp isleýän,
mes ýaşajak hiç zat etmän,
ýetişen ýa ýetişmedik iniler,
öwüp-öwüp ýaranmady pahyrlar,
bir özleri bolsa, owarram, walla,
milleti etdiler dünýä göz-gülban,
emma nätjek, her gün işe gitmeli,
öz paýyňa düşenini etmeli,
göreşenler ölýär türmede, daşda,
nädeli, diýýärler, alaç ýok başga,
öwüp-öwüp ýaranmady pahyrlar,
tahýa göreşinde barýarlar başda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024