Gynanma
Pikir etme, basgylanan milletiň
göreşýäni, göreşjegi az diýip,
gynanma baş egýän, el öpýän barha,
ýyl-ýyldan köpelse, yzy görünmän,
öz elin, aýagyn daňýan köpelse,
ýa köpelse aňy gundagly dogýan,
eli ýetse, ekiztaýyny bogýan,
sebäbi göreşseň, başyň galdyrsaň,
tapylar öňüňde keseren hökman,
tapylar gapdaldan asylan ildeş,
öňüňden çykan-da bolar ýat ilde,
gaçyp çyksaň watanyňdan, ýurduňdan,
duşmanyňdan, dostlaryňdan basylyp,
ýeke galyp deň bolmadyk söweşde,
sen kimmişiň diýer görip tiresi,
ezijä däl, ogluna däl ezijiň,
göreşýäne garşy durarlar olar,
ýa-da göreşjegi urarlar olar,
elleri ýa dili ýetse bir ýerde,
özlerinden artyk bolmazy ýaly,
başarsalar ýykyp aýagňa kakyp,
gülerler gapdaldan kümsük at dakyp,
şyltajyk atarlar juda bolmasa,
pikir etme, basalanan milletiň,
talanan milletiň soňsuz,
belki, ýene talanjak kän,
göreşýäni, göreşjegi az diýip,
olar göreşjege garşy göreşer,
begener oň başyn iýip.