Surat

Saýlanan ykbal

Töhmet başga atylanda ýylgyrsaň,
ýa ýylgyrman ýatsaň sesiň çykarman,
kabul etseň görnüp duran töhmeti,
sebäbi saňa däl, başga atylýar,
ertir töhmet atylanda özüňe,
ýa-da basylanda depäňden aşak,
kakylanda aýagyňa,
ýa işiňden kowulaňda,
ýa aýlygyň aý aýagna ýetmese,
aýakgabyň tozsa çäre, ýowarda,
ýa eliňden alsalar
ýyllap guran dükanyňy,
gara maşynyňy aga boýadyp,
jaýyňy ýyksalar jaý saljak diýip,
gapyşan dek başga ýer-jaý jaý üçin,
kömege garaşma ilden,
has beteri öýkeleme,
adalaty dikeltmese başgalar,
borjy ýa-da başga işi ýok ýaly,
töhmet başga atylanda ýylgyrsaň,
belli seniň gelejegiň, ykbalyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024