Boljak zat
Wuhanda ägälige çagyran we 'gybatda' aýyplanan Li Wenliang koronawirusdan öldi.
Öňem bir partiýa açgözlük ýükün,
ýalanyň ýüküni göterip bilmän,
aşagynda galyp zalymlygynyň,
gedemligiň görnüp duran aňyrsy,
ýykyldy jalkyldap, dargady bir gün,
ýene biri dargar, şübhe ýok muňa,
dowam etsin diňe özüni aldap,
özgeleri aldap oýnan oýnuny,
sem edip gepläni, diýip goý muny...