Söz azatlygy
Agzynda aş gatyklaýar o pahyr,
arasynda gyzyl buruç ýerine,
agaç çemçe bilen basyp, bagyrdyp,
sözüň azatlygyn ezýär owadan,
diýýär adam hukugyny soraryn,
ýygnanyşmak hukugyny,
azatlygyn diniň, imanyň ýa-da
dini-iman diýip haram pul ýygýan
mollalardan azatlygy goraryn,
eger-de düýn gelen bolsaň obadan,
ynansaň şäherde hemme okuwly,
hem niýeti düzüw bolýandyr diýip,
doga edip gaplamaly her sözün,
hemem aş ýerine doýmaly iýip.
Emma diýýän zadyn kabul etmeseň,
sorag berseň biraz ýalňyş, gelşiksiz,
ýa-da garşy çyksaň pikirne çala,
doganyňa puşman etdirer şeksiz,
gygyrar, bagyrar agzyn hapalap,
utanjy, haýany syryp ýüzünden,
adam hukuklaryn, söz azatlygyn
bulap urar asfalt ýola ýanbaşdan,
sen bolarsyň ol edaraň adamy,
keýpine, meýletin işleýän daşdan.