Köptaraply adamlar
Örän köp taraply adamlar bolýar,
žurnalist hem syýasatçy birbada,
üstesine kazy-kelan, aklawçy,
garalawçy başga gezek gelende,
diňlemeseň, gaçsaň ýanyndan daşa,
hat ýazýar yzyňdan, çünki
adalaty dikeltmeli birisi,
elbetde, agyr iş onuň paýy däl,
seniňki diňe,
ol aklaýar özüni,
başgalara gara höküm çykarýar,
şaýatlary ölen ýa-da bir özi,
göreşýär hakykat ugrunda durman,
gaýratly, edenli, halal işleýär,
köp taraply adamlar bar dünýede,
gaçsaň, daşdan dişleýär.