Içerdäki pil

Dowarlar hemişe möjekden gorkardy, ahyrynda olary çopan iýdi. Gürji nakyly

Gorkardylar hergiz keseki, duşman,
dili başga, däbi başga geler-de,
urar, çapar, öldürer ýa
mal-mülküni alar, gul-gyrnak eder,
çünki ata-baba şeýle bolupdy,
emma içlerinden döredi bela,
dili meňzeş, dini meňzeş ýa başga,
nirde ogry bolsa tapdy, getirdi,
talady ilini köýen dek ary,
asly, düýbi bolmalydy il başyň,
ozal akan ýerden akarmyş aryk,
rowaýat düzüp, edindi peder,
gaçýar indi millet çem gelen ýurda,
öýe, ile dönmek iň uly heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024