Adamyň esasy ýalňyşy
Adam gidip biler garyp obadan,
gijesi garaňky, köçesi kirşen,
gyşda palçyk, tomus çybyn-çirkeýli,
köçeleri tämiz, ýagty şähere,
okuw diýip, iş agtaryp, elbetde,
ýurdundanam gider adam,
gaçyp çykar ahyr, gutular bir gün,
zyndana öwrülen, belki,
emma soň düşüner, biler,
esasy zat öz obaňdan gitmek däl,
öz-özüňden gitmek ilki,
çykmak, meger, dar çygyrdan,
hemem görmek görünýäni başgaça,
bolup ýörmän oba gülki.