Mysapyr ildeşiň hüňürdisi
Sen özüňe bolýan bolsa,
men beýik diý, gygyr, bagyr,
döşüňe kak, ýyrt garnyňy,
ur kelläňi daga, daşa,
ýa-da seni gowy görýän,
söýýän, belki, jandan, dilden,
başyn goýjak seniň üçin,
goý, gygyrsyn yzyn üzmän,
men dymaýyn bolsa süzmäm,
çal edinip, içer ýaly,
hemem seni ýatlatmasyn,
ýat illerde küýsesem-de,
düşenmerin türkmen haly.