Surat

Adamyň içindäki gurluşyk

Sen adamyň köşk gurma üstüne,
üçegi gümmezli altyn çaýylan,
içinde at çapyp, maşyn sürmäge,
ýa goşarna sagat dakma göwherden,
egnine geýdirip ýüpek parçany,
bezän ýaly palta salnan düýbüne,
indiki aý saman boljak arçany.

Seň adamy adam edesiň gelse,
ozaly içinde çatma gur onuň,
ýa bir kepbe, ýa bir külbe, ýel-günden
gorar ýaly, gara başyny sokup,
ýorulyp-ýadanda gyşarar ýaly,
hem düşüner ýaly öýe, tünege,
ýa-da adam nädip ýetýär jaýyna,
näme üçin argylaýar için oň,
daşyny, işigin süpürýär dynman,
ýa bejerýär üçegini her ýazda,
sen adamyň ilki içini gurman,
daşyndan köşk gurup, gynanma azsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024