Dogry goşgy
Ogurlyk edene beýik diýmeli,
eger özüň başarmasaň bu işi,
talantyň, zehiniň ýetmese oňa,
bermeli ýerinde berip parany,
almaly ýerinde alyp bilmeseň,
ýatmaly ýerinde ýapyrlyp aşak,
galmaly ýerinde galyp bilmeseň,
ogurlyk edene diýmeli ýeser,
bet diýmeli, başarnykly diýmeli,
sebäbi ol ogurlaýar uludan,
onuň jaýy ýa-da jaýlary uly,
maşynlary uly, owadan, gymmat,
atlary bar athanada saýlama,
itleri bar itýatakda, arslan dek,
aýallary, oýnaşlary kän çakdan,
üstesine, başyn egýän erkekler,
ogurlyk edene beýik diýmeseň,
pikir etme diňe ýoldan ýöremek,
ýa derýadan suw içmek däl,
dem almak hukugyn alarlar senden,
hem bererler başga birne,
beýik diýýänlere ogra,
ogurlyk edene beýik diýmeli,
ýol galmadyk wagty dogra.