Meniň gaýgym
Baý ýurtlaryň şirketlerin goç-goçak,
baýlaryny gaýgy edýärin örän,
olar nädip gün görerler, eý, alla,
garyp ýurtlar bolmasa,
milletini goramaýan,
hem olaryň hökümeti bihaýa,
premýeri, ministri bimessep,
ýa o neme, prezident diýilýän,
garakçy toparyň başlygy baky,
belki-de öz saýlananna ynanýan,
halky haksyz hem sowatsyz,
terror astynda saklap,
ezip garyp-gasarlaryň gyzlaryn,
saçy sübse, eli kesewi bolan,
aýallary, erkekleri, gul-gyrnak,
batrak ýaly ezýän gije we gündiz,
öňki işin edip bilmese bir gün,
hudaý, alla, biribar ýa ýaradan,
ýalan däl-de, birden hakykat bolup,
nalyşyn eşidip ezilenleriň,
arzuw bolan adalaty dikeltse,
men alada edýän, gaýgy edýärin,
baý ýurtlaryň şirketlerin, eý, hudaý,
düşer diýip derrew gedaý...