Ýapyk beýni syýasaty

Beýni ýapyk bolsa açyk gapylar,
açyk derwezeler syýasatlary,
ýa açgözlük syýasaty, çyn ady,
işlemeýär, getirmeýär hiç peýda,
uzagyndan, elbetde;
pikir ýapyk bolsa,
göz ýapyk bolsa,
üşügi bolmasa döwletbaşynyň,
oňa derek bolsa kaşygy diňe,
garamaýak gazanyndan çykmaýan,
tä düýbüni deşýänçä, dat,
açyk gapy syýasaty ýurt açyk,
iliň öý-işigi açyk diýmek däl,
talaň üçin aňyrsy ýok, bärsi ýok,
niýet hapa bolsa hiç bir syýasat
gowulyk getirmez hiç kime, belki,
ogry-jümrä gowy bolsa-da ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024