Millet we minnet

Öz-özüniň ykbalynda
ne oýunçy, ne-de çynçy,
ne gahryman uly-kiçi,
ne çyraçy, ne hudožnik,
tomaşaçy biletsiz täk,
sahna näme, perde näme,
ýa-da näme arakesme,
öz-özüňden ara kesmek,
öz oýnuňdan çykarylmak,
ýa el çarpmak öz-özüňe,
eliň basyp öz közüňe,
biljek bolmaz eger-eger,
aýagasty bolan millet,
diýäý diýseň ýürek sözüň,
diýdiň diýip, eder minnet.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020