Wala-wala
I can never be what I ought to be until you are what you ought to be... MLK
Sen öz derejäňe ýetip bilmeseň,
ýa baryp bilmeseň barmaly ýerňe,
başarmasaň ýa öňüňi alsalar,
gysganyp ornuňy mynasyp bolan,
hem bolmaly adam bolup bilmeseň,
aglamaly ýerde aglap ses edip,
gülmeli ýeriňde gülüp bilmeseň,
ýarymçyk ýaşasaň ýaşan ömrüňi,
ýa ýitirip umydyňy, ynamyň,
iki ýüzli bolsaň, üç ýüzli bolsaň,
ulus ile ýa köplüge goşulsaň,
men öz derejäme ýetip bilmerin,
ýa baryp bilmerin barmaly ýerme,
başarmaryn ýa öňümi alarlar,
gysganyp, gabanyp adym, şöhradym,
hiç çykmajak zyndanyma salarlar,
aglamaly ýerde dymaryn onsoň,
gülmeli ýerimde ýylgyryp çala,
eger men bolmasam bolmaly adam,
sen bolup bilmersiň bolmaly adam,
almarys biz hiç bir gala,
a galany wala-wala...