Milli mesele

Betbagtlygy, belki, biziň illeriň,
başga birniň betbagtlygna begenmek,
bagtyna gynanmak, uly ýa kiçi,
bahyllyk, gowyny görüp bilmezlik,
ýa birine bela-beter abansa,
mysal üçin, çakjak bolsa kepjebaş,
çagasyny bir bendäniň ýeňseden,
elinde kepjesi taýyn bolsa-da,
gelip, küpesine berip bilmezlik.

Şondan onuň çagasyny başgalar,
ýylan, içýan çaksa, soramaýarlar,
betbagtlygy, belki, biziň illeriň,
olar bir-birini goramaýarlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024